Ýalkym saçýan ak binalar nesillere miras galar

25 Fewral 2021
792

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran, hakydalara hemişelik keşdelenen şatlykly wakanyň bolup geçenine entek köp wagt geçenok. Okyjy meniň haýsy wakanyň gürrüňini edýändigimi bilesi gelip, geçen günleri aňynda aýlaýandyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şatlykly, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär.

Meniň gürrüňini edýän şatlykly wakam gaty köp maşgalanyň öýli bolmak, onda-da ähli amatlyklar döredilen jaýlarda ýaşamak hakyndaky arzuwlarynyň wysaly, ýagny gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berlen gününiň şowhuny, öýli bolan ildeşlerimiziň buýsançly sözleri, bagtyýar bakýan gözleri hakynda. Teleýaýlymlaryň üsti bilen ençeme gezek açylan binalar hakyndaky gepleşikleri synlan hem bolsam, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýen pähime uýup, öz gözüm bilen görüp, Beýik Binagäriň — Gahryman Arkadagymyzyň çyn yhlasyndan dörän gözelligi ýakyndan synlasym geldi.

Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».