Sport syýasatynyň gadamlary

22 Fewral 2021
1467

Ruhubelentligiň çeşmesi

Täze taryhy eýýamyň başyny başlamak bilen, Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine gönükdirilen giň göwrümli işlere badalga berdi. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde wagyz-nesihat işleri giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we dürli sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Olar ýaşlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülip, bu günki günde türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edýärler. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler. Bu aýdýanlarymyza 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaram, “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli hem doly şaýatlyk edýär.