Watan – başymyzyň täji

22 Fewral 2021
1785

Ata Watan, ene toprak. Bu mukaddes jümleler ynsanyň doglan gününden başlap, onuň kalbynda mizemez orun tutýan tebigy duýgudyr. Çaga doglan gününden başlap, öz mähriban topragynyň howasyndan dem alýar, ösýär, ulalýar, kämilleşýär.

Meniň Watanym — Türkmenistan. Bu toprak merdi-merdana gerçekleriň, akyldarlaryň önüp-ösen topragy. Bu toprak — keramatly-keremli. Bu ýerler her bir dänäň müň bolup, gaýdyp gelýän topragy. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz gün-günden gözelleşýär, özgerýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin, ýaşlaryň sagdyn geljegi üçin edýän aladalary rowaç alsyn! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülnara MYRADOWA,
Serdar şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.