Keratitleri bejermekde plazmoterapiýa bilen bandaž linzasynyň utgaşykly ulanylmagynyň kliniki netijeleri

17 Fewral 2021
1213

Amaly oftalmologiýada gözüň alawlama keselleri, şol sanda keratitler uly sosial meseleleriň biri bolup durýar, sebäbi bu kesel wagtlaýyn işe ukypsyzlyga (80%) we 10-30% ýagdaýda körlüge getirýär [2, 3].

Dermanlar bilen bejergi keratitleriň has giň ýaýran usuly bolmak bilen, köplenç ýagdaýda oňaýly netije berýär. Keratitlerden soň buýnuz perdäniň epitelizasiýasynyň bozulmagy agressiw bolýar hem-de uzak wagta çekýär, şeýlelikde, antibakterial, alawlama garşy we reparatiw bejergini öz içine alýan standart usullar netije bermeýär. Konserwatiw bejerginiň netijesizliginde, keseliň geçişiniň beterlemesinde, buýnuz perdäniň deşilmek howpunda, awtorlaryň birnäçesiniň bellemegine görä hirurgik bejerginiň patogenetik esaslandyrylan we netijeli usuly bolup durýar, emma bu usulyň amaly taýdan ulanylmagy köp ýagdaýlarda guramaçylyk sebäplere görä mümkin bolmadyk usul bolmaklygyna galýar [1, 2].

Perhat ÖWEZGYLYJOW
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana