Lyžaly bäsleşikler tamamlandy

17 Fewral 2021
1598

Finlýandiýanyň Wuokatti we Lahti şäherlerinde lyžaly typmak boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty (FIS Nordic Junior World Ski Championship) geçirildi. Bir hepdä golaý wagt dowam eden çempionatda bäsleşikleriň 20-si guraldy. Erkekleriň arasyndaky sprint nusgawy ýaryşynda finlýandiýaly Niilo Moilanen, zenanlardan polşaly Monika Skinder ýeňiş gazandy. Erkekleriň arasynda geçirilen 10 kilometre erkin typmakda norwegiýaly Martin Kirkeberg Mork ýeňiji boldy. 30 kilometrlik mass-start bäsleşiginde pellehana ilkinji bolup, russiýaly Aleksandr Iwişin gelmegi başardy. 4x5 kilometr estafeta toparlaýyn ýaryşda-da norwegiýaly lyžaçylar öňe saýlandy.

Zenanlaryň arasyndaky 5 kilometrlik erkin typmak boýunça ýaryşda russiýaly türgen Weronika Stepanowa taý tapylmady. Ol bu ugurda watandaşy Ýewgeniýa Krupiskaýany hem-de norwegiýaly Margrete Berganeni yzda galdyrdy. 15 kilometrlik mass-start ýaryşynda norwegiýaly Margrete Bergane altyn medala mynasyp boldy. 4x3,3 kilometr estafeta toparlaýyn bäsleşikde bolsa şwesiýaly gyzlar 1-nji, russiýaly gyzlar 2-nji, norwegiýaly gyzlar 3-nji ýeri eýeledi.