Milli diplomatiýamyzyň dabaralanmagy

17 Fewral 2021
950

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, ähli halkymyz üçin şu ýyl aýratyn tapawutlanýan ýyllaryň biri hökmünde taryha girer. Çünki bu ýyl döwletimiziň syýasy taýdan özbaşdak, özygtyýarly ýurt diýlip yglan edilmegine laýyk 30 ýyl dolýar.

Döwletimiziň 30 ýyllyk taryhyna, hususan-da daşary syýasatda gazananlaryna ser salsak, üstünlikleri sanap çykmak üçin köptomluk kitaplar ýazylmaly bolardy. Ýöne şol üstünlikleriň göwher gaşy bolup lowurdaýan daşary syýasat işinde gazanylan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barada buýsançly gürrüň etmezlik welin, mümkin däldir.

Feride MURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.