Sport syýasaty rowaçlanýar

12 Fewral 2021
1616

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar, mähriban Watanymyz üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli ösdürmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermek, ýaşlarymyzy sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen sporty we bedenterbiýäni ösdürmek «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, şeýle hem kabul edilen «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda hem-de «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça milli maksatnamasynda» we beýleki döwlet Maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Şeýle hem «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli Maksatnama» laýyklykda amala aşyrylýan işler bellenmäge mynasypdyr. Bu maksatnamanyň esasy maksady ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakdan we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Ýazgeldi SARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.