Ösüşleriň sazlaşygy

12 Fewral 2021
840

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen badalga berlen 2021-nji ýylyň gadamy üstünliklere beslenýär. Abadançylygyň, asudalygyň, ruhubelentligiň, agzybirligiň many-mazmunyny özünde jemleýän bu şygar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen utgaşýar.

Ata Watanymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylyny uly ösüşlere beslemek maksadynda batly gadamlar bilen öňe barýar.

Gözel ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.