Dostlukly ýollar dowamat

8 Fewral 2021
1106

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

«Aşgabat».