Sanjymlaryň peýdasy

8 Fewral 2021
779

Parasatly döwlet Baştutanymyz döwletimizde jemgyýetiň baş baýlygy bolan adamyň saglygyna hyzmat edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň gözbaşynda durup, saglygy goraýyşda ýetilen şu günki sepgitlere badalga berlen başlangyçlary öňe sürdi. Maşgala lukmançylygy usulynyň giňden ornaşdyrylmagy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, howply ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi we bu keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýyrmakda degişli edaralaryň has-da işjeňleşmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döretdi. Öňüni alyş sanjymlary biziň ýurdumyzdaky iň zerur we howpsuz çäreleriň biridir.Biziň döwletimizde 2007-nji ýyldan başlap Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligini (ÝSIH) geçirmek eýýäm däbe öwrüldi diýsek, ýalňyşmarys. Bu çäräniň geçirilmeginiň düýp manysy keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň keselleriň öňüni almakda we adamyň janyny goramakda wajyplygyny ilat arasynda wagyz-nesihat etmekden ybaratdyr. Ýewropa sebiti üçin bu ýollanma: «Keseliň öňüni alyň! Özüňizi goraň! Keseliň öňüni alyş sanjymlaryny alyň!» diýen ýönekeý jümleleri özünde jemleýär.

Immunizasiýa dürli agyr ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy ugurlarynyň biri sanjymlamadyr. Türkmenistanyň keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine ýokançlaryň 10-syna garşy sanjymlar girýär.