Nurly geljegiň röwşen taglymaty

8 Fewral 2021
1014

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren eşretli zamanasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli giň gerimli halkara dabaralaryna beslenen 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz döwlet tarapyndan üns-aladalar, hemaýat-goldawlar bilen gurşalýar.

Ýaşlarymyzyň okamagy, döretmegi, halal zähmet çekip, eziz Watanymyza hyzmat etmegi üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçinem, eziz Watanymyz şadyýan çagalygyň, bagtyýar ýaşlygyň mekanyna öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň bagtyýar halkymyza eçilýän miweleridir. Bitaraplyk biziň parahatçylygymyzyň, asudalygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň özenini özünde jemleýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni.