Resmi habarlar gysga setirlerde

8 Fewral 2021
973

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.

«Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 10347-nji Kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2009-njy ýyldaky 3-4-nji ýygyndysynyň 209-njy maddasy) birinji böleginiň Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparynyň düzümini tassyklamak baradaky bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Saburow Döwran Reimbaýewiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Haýytmuradow Agamurad Baýramgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri Şamyradow Atageldi Aşyrowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.