Buýsandyryjy taryhy wakalar

7 Fewral 2021
1073

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda gazanylýan nusgalyk ösüş-özgerişlikler, ýetilýän beýik sepgitler her bir şanly ýylyň buýsançly şygarynda özüniň beýanyny tapýar.

Mähriban Watanymyzda her bir ýylyň özboluşly atlandyrylyşy ýaly, 2021-nji ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyna gabat gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dost-doganlyk, hoşmeýilli, uzak möhletleýin, ösüş-özgerişe, asudalyga ýugrulan gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan üçin pederlerimiziň gadymdan gelýän parahatçylyk we bir-birege ynanyşmak ýörelgeleriniň dabaralanmasy bolup öňe çykýar.

Mekan GAÝYPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.