Saglyk — gymmatly baýlyk

6 Fewral 2021
980

Saglyk hem-de uzak ýaş köp babatda ynsanyň kadaly iýmitlenmegine hem-de işjeňligine baglydyr. Käte bedende ýaşaýyş üçin derwaýys maddalaryň diňe biriniň ýetmezçiligi hem adamyň özüni erbet duýmagyna, gurbatynyň gaçmagyna, işe ukyplylygynyň pese düşmegine ýa-da ýersiz-ýere gaharlanmagyna getirip biler. Şonuň üçin her bir adam bedeninde haýsy maddalaryň ýetmezçilik edýändigini hökmany suratda anyklamalydyr. Mysal üçin, sink ýetmezçiligi ýüze çyksa, ilki bilen, bedeniň keselden goraýjylyk ukyby pese düşýär. Kähalatlarda ýaşy deň adamlaryň biri öz ýaşyndan uly görünýär. Munuň esasy sebäbi bedende sink ýetmezçiligidir. Sink ýetmezçilik etse, bedendäki zeperlenen öýjükler dikelmeýär, täzesi döremeýär, netijede, garrama hadysasy çaltlaşýar. Bedene düşen ýaralar haýal bitýär.

Selen, kaliý we ýod ýetmezçiliginde çagalaryň we ýetginjekleriň bedeni kadaly ösmeýär. Adam güýçli dartgynlylyga düşende ýa-da lukmandan maslahatsyz berhiz tutanda, peýdaly maddalar deňagramlylygyny ýitirýär we sink ýeňillik bilen bedenden çykýar. Munuň öňüni almak üçin et, bagyr-öýken, kädi çigidi, nohut, noýba, ýumurtga ýaly önümleri gündelik iýmite goşmak gerek. Selen we kaliý bedende ýeterlik mukdarda bolanda, insult, infarkt, artrit ýaly kesellere hem-de dartgynlylyga az duçar bolunýar. Bu önümler ýaşyň gartaşanda görejiň kütelmeginden, damarlaryň zeperlenmeginden goraýar. Düzüminde E witamini bilen bilelikde selen bolan iýmitler kabul edilende, olar biri-biriniň täsirini güýçlendirýär. Adam bedeninde kaliý ýeterlik bolanda, arterial gan basyşy mydama kadalydyr. Seleniň we kaliniň çeşmeleri bolan bagyrdyr böwregi, hozuň dürli görnüşini, deňiz balygyny, kakadylan miweleri, galla we süýt önümlerini yzygiderli kabul etmeli.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.