Başymyzda göwher täje deňelen

5 Fewral 2021
982

Serdar etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de Serdar şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramaklarynda «Başymyzda göwher täje deňelen» ady bilen wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, okyjylar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny hemmetaraplaýyn goramak aýratyn üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň raýatlaryň saglygyny goramakdaky tutumlarynyň köptaraplaýyn häsiýete eýedigi guwandyryjydyr. Bu ugurda amala aşyrylýan işler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Il saglygyny goramakdaky döwletli tutumlar ýurdumyzda sporty, bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, ýaramaz endiklere garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň, aýratynam, ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Gurbansoltan ATAÝEWA,
Serdar etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.