Möwsümleýin keselleriň öňüni alalyň!

5 Fewral 2021
1159

Keselleriň öňüni almak sagdyn bolmagyň esasy şertidir. Möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bolsa, keseliň öňüni alyş gündelik çäreleri ýerine ýetirmek we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr. Kesele garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmek (iýmitde gök önümler we miweler agdyklyk etmeli), maşklary berjaý etmek, elmydama hereketde bolmak, günüň dowamynda ýeterlik derejede arassa agyz suwuny içmek (1,5-2 litre çenli), ýeterlik ukyny almak hem-de zyýanly endiklerden daşda durmak zerurdyr. Ýokanç kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli: elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly, asgyranyňda we üsgüreniňde agyz-burnuňy eliň aýasy bilen ýapman, tirsegiň iç ýüzi bilen ýapmaly ýa-da bir gezeklik süpürgiçleri ulanmaly (ulanylandan soň, olary agzy ýapyk gaba taşlamaly), eliň bilen ýüz-gözüňi ellemeli däl, elleriňizi zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap durmaly.

Howada tozan bölejikleriniň kadadan agdyklyk edýändigi sebäpli, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmagy we howpsuz 2 metr aralygy saklamagy unutmaly däl. Bir gezeklik örtükleri iki sagatdan artyk dakynmaly däldir, ulanylan örtükleri bolsa, ýörite gaba salyp, zyňmaly. Köp gezeklik örtükleri düzgün boýunça ýuwup, gyzgyn ütük bilen ütüklemeli.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.