Arassaçylyk saglygyň baş sakasydyr

4 Fewral 2021
889

Adama kesel ýolugansoň, onuň aýrylyp gitmesi kyn bolýar. Şonuň üçin hem keseli bejereniňden, onuň öňüni almak aňsatdyr. Munuň üçin her bir adamyň öz saglygyna aýawly garamagy zerurdyr. Lukmançylyk ylmynda arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek arkaly, dürli ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýandygyny aýdýarlar. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi bolsa biz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys.

Gigiýenanyň iň ýönekeý, ýöne zerur düzgüni arassaçylygy endik edinmek. Nahary taýýarlaýan wagtyňyz, nahardan soň ýa-da daşardan gelnende, elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmaly. Ýaşalýan, dynç alynýan otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip durmaly. Tämiz howa immuno ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Öýde çygly arassalaýyş işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmaly, tozan bolmazlygyny gazanmaly.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.