Sagadyň jaňy

4 Fewral 2021
978

Biziň köpimiz ir bilen turmak üçin sagadyň jaňyny ulanýarys. Işimize, okuwymyza wagtynda ýetişmek üçin sagadymyzyň jaňynyň sesine oýanmagy endik edinipdiris. Sagatsyz oýanmak hakynda pikir edip görüpmidiňiz?! Eger siz sagatsyz oýanmagy endik edinseňiz, onda siziň şähdiňiz açyk, ünsüňiz güýçli, keýpiňiz çag bolar. Eýsem, sagatsyz oýanmagy nädip endik edinmeli? Onuň jogaby örän ýönekeý.

• Adatça uly ýaşly adamlara gowy ukysyny almak üçin 6-8 sagat wagt gerek bolýar. Ilki bilen, ýeterlik ukyny almak üçin özüňize näçe wagtyň gerekdigini biliň. Gowy pikirleri aňyňyzda aýlap, uklamagy endik ediniň.

Nurana DÄDÄÝEWA,
«Adalat».