Ynsan saglygynyň aladasy

4 Fewral 2021
894

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamy hem uly üstünliklere beslenýär. Watanymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolan hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alysda ýerleşýän obalarynda hem gurulýar. Munuň özi halkara ülňülere kybap gelýän döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyna elýeterliligini üpjün etdi.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan öňegidişliklere milli senenamamyzda geçen ýylda ilkinji gezek 10-njy oktýabrda bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylyp ulanylmaga berlen täze saglygy goraýyş desgalary bolan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, Estetiki merkezi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu desgalar häzirkizaman lukmançylygynyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Muňa olaryň dünýäniň abraýly baýraklaryna– degişli güwänamalara mynasyp bolmagy hem güwä geçýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň we baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň çäginde dabaraly ýagdaýda açylan beýikligi 25 metr bolan«Saglyk» binasy bolsa, etrabyň görküne görk goşdy. Bu etrabyň çäginde «Bagabat» şypahanasynyň toý ruhunda açylmagy hem geçen ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» we bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Ol şypahana işine täze usullaryň, tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň girizilmegini hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyny öz içine alýar.

Gülruh ASADOWA,
Aşgabat şäheriniň 8-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.