Buýan köki — köp derdiň dermanydyr

3 Fewral 2021
1199

Türkmenistanyň tebigaty senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olaryň biri hem kösükliler maşgalasyna degişli bolan, derýalaryň arasyndaky ýerlerde arna jeňňeliklerini emele getirýän, Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ösýän buýandyr. Bu ösümligiň gymmatlygy onuň dermanlyk häsiýetine eýe bolan kökündedir. Häzirki zaman lukmançylygynda buýan köki dem alyş ýollarynyň kataral kesellerinde gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar. Buýan köküniň serişdeleriniň immunitet dörediji, şeýle hem ýokunja we allergiýa garşy häsiýetleri ýüze çykarylandan soň, onuň ähmiýeti has hem artdy.

Bu ösümlik gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümlikdir. Hormatly Prezidentimiz wirus ýokanjyna garşy durmakda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanýan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde buýanyň 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi bar. Alymlar buýan köküniň düzümindäki glisirriziniň häzirki döwrüň ýiti respirator ýokanjynyň ýaýramagyna päsgelçilik döredýändigini belleýärler.

Maral KERIMOWA,
Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň funksional-anyklaýyş lukmany.