Il saglygy - ýurt baýlygy

3 Fewral 2021
992

Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň hataryna çykarmak boýunça amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlary kesgitlenendir. Maksatnamada bellenilişi ýaly, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda alnyp barlan işler özüniň oňyn netijelerini berdi.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.