Il saglygy — ýurt baýlygy

3 Fewral 2021
921

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ynsan saglygyny goramak babatda hem uly işler alnyp barylýar. Bu babatda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap hassahanalardyr şypahanalar hereket edýär. Olarda zähmet çekýän lukmanlaryň baş maksady her bir raýatyň baş baýlygy bolan saglygyny goramakdan, dikeltmekden ybaratdyr.

Türkmengala etrap hassahanasynda-da lukmanlar gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşylap, degişli barlaglardan geçirip, bejergi berýärler. Lukmanlar kadaly iýmitiň, hereketiň saglygyňy goramagyň esasy serişdesidigini nygtaýarlar. Hassahananyň hirurgiýa bölüminiň lukmanlarydyr şepagat uýalary özleriniň wezipelerine jogapkärli çemeleşýärler. Bu ýere gelýän näsaglar özlerine edilýän hyzmatlar üçin lukmanlara alkyş aýdýarlar.