Magtymgulynyň huzurynda

3 Fewral 2021
1371

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabatda geçiren giňişleýin göçme mejlisinde Magtymguly Pyragynyň heýkeli bilen bagly aýdanlary şahyryň şygyrlary ýaly bolup, köňüllere röwşenlik çaýdy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de akyldar şahyryň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllygy mynasybetli, şahyryň Köpetdagyň eteginde gurulýan ýadygärligi Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler. Şol bir wagtda ol şahyryň heýkel keşbini döredijiniň dünýäsine bolan gyzyklanmany hem artdyrýar. Öz döredijiliginde şahyryň heýkel keşplerine birnäçe gezek ýüzlenen heýkeltaraşlaryň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewdir.

Diňe heýkelini ýasamak üçin däl, eýsem, ýedinji gezek Magtymgulynyň ruhuna ýüzlenmek, her gezekde hem onuň paýhas dünýäsini özboluşly açmak üçin şahyryň döredijiligine ýakyndan belet bolmaly. Şol eserleriň derejesinde kämillige ymtylmaly, şonuň dünýäsinde ýaşamaly. Öz sungatyň bilen ussat halypalyga ýeten bolmaly. Esasy zat döredilýän işiň hiline bagly, mazmun şonda gowy açylýar. Ony bolsa wagt kesgitleýär. Döredijilikli işlemek üçinem, işiň netijesini bilmek üçinem wagt gerek. Onda wagt müddeti hem ýetipdir. Halypa heýkeltaraş akyldar şahyryň heýkelini ilkinji gezek 1990-njy ýylda Babadaýhan etrabynyň çäginde oturtmaklary üçin ýasandygyny aýdýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».