Zenjebil

3 Fewral 2021
1097

Howanyň, suwuň, iýmitiň adamyň ýaşaýşy üçin zerur bolşy ýaly, keselleriň öňüni almaga we olary bejermäge kömek edýän ösümlikleri hem öwrenmek möhümdir. Halkyň saglygy barada çynlakaý alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly 12 jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik kitaplarynda gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelnen we ençeme ýyllaryň dowamynda synagdan geçip, biziň günlerimizde ylmy lukmançylykda ulanylýan ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär.

Irki döwürlerden bäri dürli ýurtlaryň halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýän ösümlikleriň biri hem, ýerasty baldagy hassa janlara derman bolýan zenjebildir. Bu ösümligi rus dilinde имбиръ, latynça zingiber officinale diýip atlandyrýarlar. Türkmen dilinde zenjebil diýlip atlandyrylýan bu ösümlik köplenç, tropik ýurtlarda ösýär. Ol daşky görnüşi boýunça gamyş ösümligine meňzeş bolup, teňňeli baldaklary 1-2 metre ýetýär. Gülleri goza meňzeş, gysga baş şekilli gül çogdamyna ýygnanandyr. Gülüniň reňki açyk — gülgüne, mämişi, mawumtyl-sary ýa-da meledir. Ýerasty baldagy etlek-ýognas bolup, gataňsy, uly bolmadyk inçejik tüýjagazlar bilen örtülendir. Zenjebiliň ýerasty baldagynyň guradylan görnüşinde 1-2 göterim efir ýagy saklanýar. Efir ýagy oňa ýakymly ys berýär. Düzüminde fenola meňzeş gingerol diýlen maddanyň bardygy sebäpli, ýakyp barýan ýiti ysly bolýar. Ösümligiň tutuş düzüminde efir ýagy saklanýar.

Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory.