Pasla görä geýinmek zerur

2 Fewral 2021
1096

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeňleşdirmek işlerini alyp barmagyň ilkinji basgançagy maşgala lukmanlarynyň paýyna düşýär.

Gyş möwsümi dowam edýär. “Gyşyň güni kyrk tüýsli” diýen atalar sözi ýöne ýerden dörän däldir. Ýerler sürçekleýär, wagtal-wagtal Günüň çykmasyna seretmezden, howa sowuklygyna galýar. Şonuň üçin möwsüme görä geýinmek örän zerur bolup durýar. Ýogsa şikeslere, ýiti respirator keselleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Bedeniň aşa üşemezligi üçin ýüňden we ýylylygy saklaýan galyň egin-eşikleri, aýagyňa rahat, özüňe laýyk gelýän ýapyk, aşagy typmaýan aýakgaplary geýmek örän zerurdyr. Bu birinjiden-ä, bedeniňi ýyly saklap, kesele garşy durnuklylygyň saklanmagyna, ikinjidenem, sürçek ýerde ýykylyp, şikes almagyň öňüni alýar.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.