Sagdyn durmuş ýörelgesi

31 Ýanwar 2021
920

Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri netijeli häsiýetde dowam edýär. Şonuň bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklarynyň biri-de Ahal welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginde geçirildi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşyga agzalan önümçilik birleşiginiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

Welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärlerinden hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat wagyz-nesihat toparynyň agzalary duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän giň göwrümli işleriň ähmiýeti barada gürrüň berdiler hem-de her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmelidigini, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermelidigini aýtdylar. Çykyş edenler bedeniň dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmakda, şeýle-de howanyň sowuk günlerinde döräp biläýjek keselleriň öňüni almakda, ilkinji nobatda, berjaý etmeli kadalar barada gymmatly maslahatlaryny berdiler. Olaryň belleýşi ýaly, her bir adam hökmany ýagdaýda arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmelidir, pasla görä geýinmelidir, zähmeti we dynç alşy utgaşykly kadalaşdyrmalydyr, iş ýerinde we öýünde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmalydyr, sagdyn iýmitlenmelidir, hormatly Prezidentimiziň

Arslangeldi GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hünärmeni.