Arassaçylyk we saglyk

28 Ýanwar 2021
834

Ynsanyň jan saglygy — baş baýlygy. Ynsanyň sagdyn bolmagynyň jemgyýet üçin zerurlygy gadymy döwürlerden mälimdir. Sagdynlygyň esasy girewi — sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegidir. Sagdyn durmuş ýörelgesini her bir adam yzygiderli dowam etmelidir.

Arassaçylyk diýlende, ilki bilen, şahsy gigiýenanyň, iýmitleriň, daşky gurşawyň arassaçylygy göz öňüňe gelýär. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda ýurdumyzyň ilatynyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, olaryň hatarynda, çagalara köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi netijesinde, keselleriň düýbünden ýok edilmegi, şeýle hem ýokanç keselleriň birnäçesiniň azalmagy gazanyldy.

Abadan BERDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 9-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.