Kadaly iýmitlenmek saglyga peýdaly

28 Ýanwar 2021
1070

Çagalaryň sagdyn iýmitlenmegini gözegçilikde saklamak we onuň kadaly bolmagyny üpjün etmek üçin elmydama ertirlik naharyny edinmegi gazanmaly. Sagdyn iýmitiň saglyga oňyn täsir edýändigi alymlar tarapyndan subut edilendir. Iýmitiň gowy özleşmegi üçin her gezek howlugman, tagamy çeýnäp iýmelidigini unutmaň we çagalaryňyza öwredip, ýatladyp duruň.

Günüň dowamynda 5 wagtyna az-azdan peýdaly iýmitleri, gök önümleri iýmegi endik etmeli. Bedene zeper ýetirýän aşa duzly, ýagly, süýjüli iýmitlerden daşda durmaly. Çagalara gök önümleri we miweleri köpräk bermeli. Olar öz düzüminde kesele garşy durmaga ýardam edýän, immuniteti berkidýän witaminleriň köp mukdaryny saklaýar.

Jeren JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň baş lukmany.