Saglygyň açary — sagdyn iýmitlenmek

28 Ýanwar 2021
1399

Türkmen tagamynda malyň etine aýratyn üns berilýär. Ol häsiýet çarwaçylygyň täsirinden döräpdir diýilýär. Munuň özi göçüp-gonup ýören çarwalaryň gadymy aýratynlygydyr. Şonuň üçin hem türkmenlerde ownuk, iri şahly we düýe malynyň, guşyň etlerini, balyk etlerini iýmek adat bolupdyr. Ýöne adamlaryň ýykgyn edýän iýmiti olaryň geografiki ýerleşişine görä kesgitlenipdir. Ýagny gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän ilata gündelik iýmitinde balykdan we deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlary iýmek adat bolsa, Garagum çölüniň jümmüşinde, dag eteklerinde ýaşaýan türkmenlere ownuk mallarynyň we düýe malynyň etlerinden tagam taýýarlamak endik bolupdyr. Bu adat türkmen halkymyzyň ganyna siňip, häzirki wagtda hem dowam edýär.

Lukmançylyk nukdaýnazardan seretsek hem et öz düzüminde adam bedeni üçin ähmiýetli bolan birnäçe maddalary saklaýar, ilki bilen, hökman biziň bedenimize haýsy ýaşdadygymyza seretmezden, belok maddasy gerek. Sebäbi belok bedenimizde gurluşyk materiallary bolup hyzmat edýär. Ýagny bedende ähli öýjükleriň kemala gelmegi, boýuň, saçyň we dyrnaklaryň ösmegi üçin belok bedene ýeterlik derejede gerek bolýar. Şeýle hem, bedende goraýjylyk häsiýeti bolan immun ulgamynyň emele gelmeginde hem belogyň ähmiýeti uludyr. Has takyk aýdanymyzda, belogy emele getirýän aminoturşylar ähmiýetlidir. Aminoturşylaryň käbir görnüşleri bedene daşyndan düşmegi hökmandyr. Şol aminoturşylaryň esasy çeşmeleriniň biri hem et we et önümleridir.

Şirin WELLANOWA,
M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.