Döwrüň talabyndan ugur alyp

28 Ýanwar 2021
989

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan adamlaryň saglygyny goraýan ýokary hilli ulgamyň döredilmegini döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ynsan saglygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini ykrar edýän ýurdumyzda bu möhüm ulgamda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirýär. Halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly üns berilýär. Lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylýan ýyllarynyň dowamynda jemgyýetçilik saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça dünýäniň ösen döwletleri bilen bilelikdäki maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Galyberse-de, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň halkara güwänamalar bilen tassyklanylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri bilen ýola goýýan gatnaşyklary türkmen lukmanlaryna dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda netijeli usullary ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Diýarymyzyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, birnäçe howply ýokanç keselleri doly aradan aýyrmakda we lukmançylyk ylmynda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Maýa BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.