Dost-doganlyk mukamy

27 Ýanwar 2021
1785

Golaýda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda, muzeýiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan — hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her bir ýyla ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Parahatçylyk, ynanyşmak, birek-biregi goldamak, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk mähriban halkymyzyň asylly ýörelgeleridir. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu asylly ýörelgeler bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem mähriban halkymyzyň parahatçylygy, hoşniýetliligi, ileri tutýan belent maksatlarynyň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär. Maslahatda berkarar Diýarymyzy dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanadan milli Liderimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guran täsin sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».