Üns be­riň, bäs­le­şik!

27 Ýanwar 2021
1530

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­na, ber­ke­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­mak, eziz Di­ýa­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak, mu­kad­des top­ra­gy­my­za hem-de gö­zel te­bi­ga­ty­my­za gu­wan­mak, hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­ny, ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni gi­ňiş­le­ýin wa­gyz-ne­si­hat et­mek, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ga­za­nan be­lent ab­raý-mer­te­be­si­niň kök­le­ri­ni açyp gör­kez­mek, äh­mi­ýe­ti­ni, ma­ny-maz­mu­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­ny­lan ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri wasp et­mek we dün­ýä ýaý­mak, şeý­le-de 2021-nji — «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Sy­ýa­sy Ge­ňe­şi­niň hem-de «Wa­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len oky­jy­la­ryň ara­syn­da «Pa­ra­hat­lyk — ýü­rek baý­da­gy, Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diýen ugur boýunça ma­ka­la­la­ryň, oçerk­le­riň, he­ka­ýa­la­ryň, goş­gu­la­ryň bäs­le­şi­gi yg­lan edil­di.

Bäs­le­şi­giň şer­ti­ne la­ýyk­lyk­da, oky­jy­lar köp­çü­li­gi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýa­zan ma­ka­la­la­ry­ny, oçerk­le­ri­ni, goş­gu­la­ry­ny bäs­le­şi­ge hö­dür­läp bi­ler­ler. Bäs­le­şi­ge hö­dür­len­ýän ma­ka­la­lar, oçerk­ler, goş­gu­lar öň çap edil­me­dik we baş­ga bäs­le­şik­le­re hö­dür­len­me­dik bol­ma­ly­dyr.