Şanly toýa uly tutumlar bilen...

24 Ýanwar 2021
1426

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, gowaça hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

«Bereketli toprak».