Saglygyň goragynda

22 Ýanwar 2021
952

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen forum türkmen we nemes kärdeşleriň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Bu teleköpri Mýunhen uniwersitetiniň Grossharden klinikasynyň tanymal alym-professorlaryny hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi.