Ýokanç kesellere garşy göreşmekde nobatdaky ädim

20 Ýanwar 2021
1159

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

"Nesil".