Keselleriň öňüni almagyň ýollary

20 Ýanwar 2021
977

Lukmanyň maslahaty

Ak gara beslenen gyş pasly dowam edýär. Bu pasylda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine sowuk howanyň gowşamagy, aram-aram ýagyş, gar ýagmagy, bulutly howa birneme gartaşan adamlarda dürli näsazlyklardan, ýagny ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogunagyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döretmegi, şol agzalan näsazlyklaryň beterleşmesiniň, gozgamasynyň ýüze çykmagy mümkin. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bolsa, öz saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşmaly. Şol maksat bilen, maşgala lukmanlary we şepagat uýalary ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barýarlar. Olar halk köpçüligine sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleri we buýan köküniň saglyga peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada yzygiderli düşündiriş işlerini geçirýärler.

Oguljemal MEREDOWA,
Aşgabat şäheriniň 5-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.