Ýörelgämiz — pederleriň paýhasy

19 Ýanwar 2021
1546

Ynsany bezeýän, mertebesini beýgeldýän aýratynlyklaryň hatarynda edepli-terbiýeli bolmagyň esasy orunda durýandygyny, onuň üsti bilen öňde goýan maksadyňa ýetip, üstünlik gazanylýandygyny durmuş tejribeleri subut edýär. Munuň üçin her bir ädimiňi oýlanyşykly ätmeli, berilýän öwütdir nesihatlara gulak asmagy, olary berjaý etmegi başarmaly. Ýamany ýazgaryp, ýagşyny söýmek ýaly häsiýetleri hemişelik hemra edinmeli.

Ynsan ömrüniň manysy belli bir derejede perzentleriniň edep-terbiýeli, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçin hem mugallymlardyr ene-atalar çagalara durmuşyň ýagşylyklara, üstünliklere eltýän gapylaryny açyp bermeli, olary kiçiliginden durmuşa taýýarlamaly, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmeli. Munuň üçin, ilkinji nobatda, olara bu ugurda hemişe görelde bolmaly. Çagalaryň aňyna iň gowy häsiýetler ornaşdyrylan maşgalada soňlugy bilen kalplary buýsanja besleýän ýaş nesiller kemala gelýärler.

Tawus ÝAGMYROWA,
Balkanabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy.