Itburnuň peýdasy

15 Ýanwar 2021
2106

Ýurdumyzyň «ýaşyl dermanhanasy» adamyň saglygy üçin peýdaly ösümliklere örän baý. Häzirki wagtda howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly döreýän möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän ösümlikler örän netijeli serişdeleriň biridir. Şolaryň hatarynda itburun ösümligi adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baýdyr.

— Onuň bary-ýogy birnäçe miwesi adam bedeni üçin 1 gije-gündizlik gerek bolan C witamini (askorbin turşusy) bilen üpjün edýär. Bu witamin bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar.