Wagyz-ündew çäresi

8 Ýanwar 2021
1721

Türkmenbaşy şäheriniň «Türkmenbaşyagyzsuw» önümçilik ulanyş müdirliginiň mejlisler otagynda edara-kärhanalaryň işgärleri we talyp ýaşlar bilen geçiren «Saglygymyz — baýlygymyz, seresaplylyk — goragymyz» atly wagyz-ündew çärämizde ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmek barada täsirli söhbet edildi. Şäher hassahanasynyň, saglyk öýüniň we şäher prokuraturasynyň işgärleri öz çykyşlarynda ýiti öýken sowuklama keseliniň we gaýry ýokanç hassalyklaryň ýaýramagyna garşy dünýäniň lukmançylyk tejribesinde maslahat berilýän ähli çäreleri kada laýyk berjaý etmegiň wajyp wezipämizdigini ündew etdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan il-ýurt bähbitli ynsanperwer döwlet syýasatynyň, jemgyýetimizde höküm sürýän durnuklylyk, agzybirlik, jebislik ýagdaýynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň kämilliginiň netijesinde häzirki wagtda raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak meselesine ýokary üns berilýändigini bellediler. Şeýle hem ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň biziň we ýakynlarymyzyň ömrüni goramak zerurlygy bilen şertlendirilýändigini düşündirdiler. Bu meselä hemmeleriň çynlakaý çemeleşip, kadalary dogry berjaý etmelidiklerini ündediler. Agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, elleri wagtly-wagtynda sabynlap ýuwup durmak düzgünlerini berjaý etmek hakyndaky talaplary doly ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bedeni berkitmegiň we taplamagyň, zyýanly endiklerden daş durmagyň ähmiýetine hem üns çekildi.

Çäräniň dowamynda maşgala ojaklarymyzda saglygyň we mizemez maşgala bagtyýarlygynyň höküm sürmegi, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Agöýli AMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň baş hasapçysy.