Buýan — derdiň dermany

8 Ýanwar 2021
2351

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Milli Liderimiz bu ylmy-ensiklopedik işinde dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti, olardan dermanlyk serişdeleri we melhemleri taýýarlamagyň aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Ol maglumatlar ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň biri-de buýandyr. Buýanyň kökünden taýýarlanýan dermanlyk serişdeler antibakteriýal we antioksidant täsirlere eýedir. Onuň şeýle häsiýetleri düzüminde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, askarbin turşusy, saponinler, selen mikroelementi ýaly maddalaryň saklanýandygy bilen baglydyr. Şeýle häsiýetlere eýe bolan buýan köki we ondan taýýarlanýan derman serişdeleri organizmiň zäherlenmelerinde, sowuklamada, gormonal, dem alyş, içege, aşgazan keselleri, inçekeseli bejermekde, immun ulgamynyň bozulmalarynda, böwregi we bagry arassalamakda, dikeltmekde peýdalydyr. Buýan köküniň düzüminde saklanýan glisirrizin turşusy dürli sowuklama we ýokanç keseller bilen baglanyşykly organizmiň zäherlenmelerinde zyýansyzlandyryjy we peşew çykaryjy, temperaturany peseldýän serişde hökmünde ulanylýar.

Merdan ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty.