Ajaýyp mekan

8 Ýanwar 2021
2019

Uly joşgun bilen garşylanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gözel şäherimizde gurulýan her bir desganyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen kämil derejede sazlaşmalydygyny, onuň ähli babatda dünýä nusgalyk derejede bolmalydygyny nygtaýar. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Şunda Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar — 12 gatly ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi, Parahat 7, «Täze zaman», Çoganly ýaşaýyş toplumlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 14, 15, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gurlan desgalar, döwrebap ýollar, olaryň ugurlarynda ýetişdirilen täsin baglar, al-elwan güller bu gün paýtagtlylaryň hem-de myhmanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwrülýär. Paýtagtymyz Aşgabatda bina edilýän her bir desgada halkymyzyň abadan we medeniýetli ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işler uly rowaçlyklara beslenýär. Paýtagtymyzyň ösüşinde häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary işjeň peýdalanylyp, milli binagärligiň ajaýyp ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ak şäherimizde gurulýan her bir desga özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýar. Gözel paýtagtymyz dünýäniň iň ösen şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar.

Goý, ata Watanymyzy, gözel paýtagtymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Orazdurdy MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.