Türkmen topragyndan — daşarky bazarlara

26 Dekabr 2024
104

Bagtyýar halkymyz täze — 2025-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Şunda tamamlanyp barýan ýylda açylan täze kärhanalarda ýola goýlan netijeli önümçilikleriň hem mynasyp paýy bar. Oktýabr aýynda Türkmenabat şäheriniň eteginde açylyp ulanmaga berlen, buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň işini-de muňa mysal görkezmek bolar. Indi iki aýdan gowrak wagt bäri ýurdumyzda bu gymmatly önümiň ilkinji tonnalary öndürilýär.

Kärhana şäheriň ikinji senagat zolagyndaky iň iri toplumlaryň biri bolup, onuň binalary deňesinden geçip barýan her bir ýolagçynyň ünsüni özünde egleýär. Kärhananyň altyn pula durýan önümlerine bolsa Merkezi Aziýanyň, tutuş yklymyň ünsi-islegi uly. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, glisirrizin turşusy goşulan derman serişdeleri adam bedenini howply wiruslardan goramakda peýdalanylýar. Häzirki wagtda bu gymmatly önüm bütin dünýäniň derman senagatynda giňden ulanylýar. Şoňa görä, bu önüme isleg hem diýseň ýokary. Glisirrizin turşusynyň kosmetologiýada, azyk senagatynda hem ulanylýan ýerleri seýrek däl. Şeýle gymmatly önümiň çig maly bolan buýan köki Jeýhunyň kenarynda näçe diýseň bar. Ýeri gelende aýtsak, müň kilometrden gowrak aralygy ýurdumyzyň çäginden akyp geçýän Amyderýanyň kenar ýakalaryndan buýan köküni ýygnamak işleri indi asyrdan agdyk wagt bäri alnyp barylýar.

Agageldi ITALMAZOW.
“Türkmenistan”.