Ýyl ýyla badalga

24 Dekabr 2024
73

Ýene-de sanlyja günden ajaýyp taryhy wakalary, dünýä ähmiýetli beýik işleri, ýakymly pursatlary, göwün göteriji belent sepgitleri bilen hakydalarymyzda hemişelik yz goýjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhyň altyn sahypalaryndan orun alar. Döwletimiziň, milletimiziň halkara giňişligindäki şöhratyny has belentliklere göteren bu ajaýyp ýyl bilen hoşlaşyk pursady ýakynlaşdygyça, ýakymly ýatlamalar seriňe köp dolýar. Göwünlere ganat bagladýan ol ýatlamalar Täze ýyly şatlyk-şagalaň bilen mynasyp garşylamaga ruhy joşgun berip, geljek ýylyň mundan-da rowaç boljakdygyna ynamyňy pugtalandyrýar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna bedew badyny beren 2024-nji ýyl täze ýylda ýetilmeli belent sepgitlere badalga bolar.

Tamamlanyp barýan ýylda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde sebit hem-de dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyz has giňedi. Hemişelik Bitarap döwletimiz iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş adamzadyň bähbidini araýan oňyn meselelerde birek-birege ynamdar hyzmatdaşa öwrüldiler. Bitarap Türkmenistan diňe bir öz bähbidini däl, eýsem, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerini nazarlaýan tekliplerdir başlangyçlary yzygiderli öňe sürýän döwlet hökmünde Milletler Bileleşigindäki ornuny has berkitdi. Şeýle bolansoň, biziň döwletimiziň her bir teklipdir başlangyjy bu iri halkara guramasyna agza döwletler tarapyndan bada-bat gyzgyn goldawa eýe bolýar. Muňa Türkmenistanyň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň diňe 2024-nji ýylda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly üç sany Kararnamany kabul edendigi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmen dünýäsi».