2020-nji ýyl: taryhyň röwşen sahypasy

7 Ýanwar 2021
2059

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Bagtyýar halkymyz 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly ynam, aýdyň maksatlar bilen garşylady. Bu ýyl, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris.