Buýsançnama

6 Ýanwar 2021
1375

Ödemäge adamzadyň tamasyn,
Gel, Täze ýyl! Nowjuwan ýaş bolup gel!
Kalbymyza, dillermize sena sen,
Derýalara egsilmez joş bolup gel!

Ýaşlara müň dürli hünär bagş edip,
Dostluk sazyn göwünlere nagş edip,
Täze döwür, täze Günüň dogşy dek,
Çille gyşda ýylgyryp gel, gülüp gel!

Bally SEÝITBERDIÝEW,
«Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy, şahyr.