Şudur Bitaraplyk, eziz Watanym!

5 Dekabr 2024
166

Bitaraplyk diýmek näme? Söz aslyna aralaşyp, aňyşym, alşym, düşünişim boýunça şeýleräk beýan etmäge çalşaýyn. Özüň bilen, güzeranyň bilen bolmak bu, özgäň gününe guwanmak bu hemem uly dünýäýe dolmak bu.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dünýäň ýurtlaryna, dünýäň halklaryna uly münberden ýüzlenip, taryhy söz sözlände, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyny buýsanç bilen belleýär. Şondaky guwanjyň bäri-bärde durmaýar. Höwesiň, hyýalyň kalba ganat bekleýär. Uçýaň sen, dünýäni guçýaň sen. Dereje şol ýerde, reje şol ýerde, abraý şol ýerde, at şol ýerde.