Mo­to GP-de tä­ze çem­pi­on

22 Noýabr 2024
219

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şyn­da çem­pi­on bel­li bol­dy. Te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk se­bäp­li Wa­len­si­ýa­da däl-de, Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len möw­sü­miň 20-nji ýa­ry­şyn­da soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia pel­le­ha­na­dan bi­rin­ji bo­lup geç­di. Ol 24 aý­la­wy 40 mi­nut 24,740 se­kuntda ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 11-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 29-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýö­ne oňa bu ýe­ňiş çem­pi­on­lyk üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Ýa­ryş­da is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes­den soň 3-nji or­ny eýe­län Hor­ge Mar­tin Mo­to GP-de 76-njy möw­sü­miň çem­pio­ny bol­dy. «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň 26 ýa­şyn­da­ky is­pan sü­rü­jisi kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça il­kin­ji ge­zek Mo­to GP-de çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Ol şu möw­süm­de ba­ry-ýo­gy 3, kar­ýe­ra­syn­da-da 8 ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bol­dy. 508 utuk top­lan Hor­ge Mar­tin şu möw­süm­de 10 ýa­ryş­da 2-nji or­ny eýe­le­di. Fran­çes­ko Ba­naia­dan 10 utuk öňe saý­la­nan Hor­ge Mar­tin di­ňe

1 ýa­ry­şy ta­mam­lap bil­me­di. Ba­naia bol­sa 3 ýa­ryş­da pel­le­ha­na ýet­mek ba­şart­man­dy. Hor­ge Mar­tin Mo­to GP-de çem­pi­on­lyk ga­za­nan 31-nji, şol san­da 5-nji is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­dir. Umu­my­lyk­da bu is­pan sü­rü­ji­le­ri­niň 12-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar Ita­li­ýa­dyr (22 çem­pi­on­lyk) Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­dan (17) hem-de ABŞ-dan (15) soň 4-nji orun­da bar­ýar.