Sungat — sazlaşykly dünýä

19 Noýabr 2024
375

Garagözelek, hortapdan gelen çeýe oguljygynyň mal yzynda gezse-de, kitapdan, dürli suratlardan ünsüni sowmaýşy Daňatar aga gaty bir ýarap baranokdy, çünki ol ogly Öwezgeldiniň çopançylyk kärine göwün bermegini, «malym-janym» diýlenine eýerenini isleýärdi. Narjemal eje welin, oglunyň isleginiň öňüne böwet bolunmazlygynyň tarapdarydy.

Tejenli ýigit Öwezgeldi Ýagmyrow çagalykdan çopançylyk käriniň inçe tilsimlerini birkemsiz özleşdirse-de, jahyl çykansoň, kalbyndaky sungata bolan mizemez söýgüsiniň wysal bolmagy üçin jan edip başlady. Oglunyň mekdepde, etrapda geçirilýän surat bäsleşiklerinde orun alyp, baýrakly, ýeňişli dolanyp gelmegi, ata göwnüni ýumşatdy, onuň geljeginiň uludygyny aňynda saldarlap, has ekezlendi.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.