Bäsleşigiň jemi jemlenildi

13 Noýabr 2024
243

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde döredijilik bilen meşgullanýan harby gullukçylary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde serhetçi esgerleriň arasynda ýylyň başynda yglan edilen «Esger kalbynyň joşguny» atly çeper-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşik yglan edilen pursadyndan başlap, harby gullukçylar öz döreden goşgularyny, tapmaçalaryny, gysgajyk proza eserlerini, çeken suratlaryny bäsleşige yzygiderli hödürlediler. Olaryň iň gowulary «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynda we «Esger» gazetinde çap edildi. Düzgünnama laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň bäsleşige hödürlenen eserleriniň many-mazmuny, çeperçiligi seljerilip, ýeňijiler yglan edildi hem-de bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Hydyr ILMYRADOW,
kapitan.

Maksat HOJAMUHAMMEDOW,
podpolkownik.