Hünärmenleriň ygtybarly işleri

4 Noýabr 2024
317

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny özünde jemleýän ýangyç-energetika toplumynda bu gün döwrebap işler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli bolan Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem öwgä mynasyp işler bitirilýär. Öz işine ussat hünärmenlerimiz geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig mallaryny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara «ikinji ömri» bermegi başarýarlar.

Kärhanamyzda ýokary hil derejesinde taýýarlanylýan rezin önümleriň görnüşleriniň sany 600-e golaýlaýar. Zerur bolan çig maly öz ýerinde gaýtadan işlemekden başlap, şeýle köp görnüşli rezin önümlerini taýýarlaýan önümhana bolsa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hiç bir pudagynda ýokdur. Diýarymyzda nebitgaz toplumy boýunça geçirilýän halkara derejesindäki sergilerde daşary ýurtly ugurdaş düzümleriň hünärmenleri kärhanamyzda taýýarlanýan dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlara hemişe ýokary baha berýärler.

Bagtygül MÄMMEDOWA,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.